Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bäherdende bugdaý hasyly pes boldy, daýhanlar geljegi gaýgy edýär


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Bäherden etrabynda şu ýyl galla hasyly örän pes boldy, bu ýagdaý bugdaý eken kärendeçileriň köpüsiniň boş ýa bergili çykjakdygyny aňladýar, hojalyklaryň howlularynda ekilen gök, bakja ekinlerine, ýetişip gelýän miwelere hüjüm edýän çekirtgeleriň ýetirýän zyýany bolsa, oba adamlaryna urlan ikinji urgy boldy diýip, Ahaldaky habarçymyz habar berýär.

Türkmen metbugaty bir hepde öň, 30-njy iýunda Ahal welaýatynyň gallaçy daýhanlarynyň däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, Watan harmanyna 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrandyklaryny habar berdi.

Ýurt maglumat üçin ýapyk bolansoň, ýygnalandygy aýdylýan hasylyň hakyky möçberlerini barlap bolmaýar. Şol bir wagtda ýaşaýjylar, ýokary hasyl alyndy diýilse-de, bazarlarda esasan daşary ýurtlardan import edilen unuň satylýandygyny aýdyp, “hany, täze bugdaýyň uny nirede?” diýip soraýarlar.

Bugdaý hasyly pes boldy, çekirtgeler ekini gemirýär

“Bugdaý hasyly oran pes boldy. Munuň üstesine, hojalyklaryň howlularynda eken gök, bakja ekinlerini barha köpelýän çekirtgeler gemrip, ýok edip barýar” diýip, bäherdenli daýhan aýtdy.


Azatlyk geçen ýylyň iýulynda Bäherdendäki ýyladyşhanalaryň suw, elektrik üpjünçiliginden kesilip, ýapylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, munuň ýüzlerçe aýal-gyzyň işlerini ýitirmegine sebäp boljakdygyny habar beripdi.

Habarçylarymyz şu ýyl ýurduň dürli künjeklerinde ulalýan çekirtge howpy barada maýyň ortalaryndan başlap habar berdiler, emma türkmen hökümeti we metbugaty bu habarlara hiç bir reaksiýa bildirmedi.

23-nji iýunda habarçymyz bilen gürleşen hünärmen hökümet geleňsizliginiň “ýurduň ösümlik dünýäsine howp salýandygyny” öňe sürse, toýlarda gazan ataryp, daşarda nahar bişirýän adamlar indi ilatyň çekirtgeli çorba iýmeginiň hem daş däldigini aýtdylar.

Azatlygyň habarçylary çekirtgeleriň diňe ekinleri, gögerip oturan baglary gemrip oňmaýandygyny, öýlerinde, awtoulaglarynyň içinde oturan adamlary hem ‘gaty bimaza edýändigini” habar berdiler.

Synçylar hökümetiň daýhanlary her ýyl diýen ýaly tebigy hadysalar, şol sanda çekirtge howpy bilen başa-baş goýýandygyny, kömek etmeli ýerinde döwletiň ýokdugyny, zyýan çeken adamlaryň öz başlaryny özleriniň çaramaly bolýandygyny aýdýarlar.

Ilat açlyk howpy bilen başa-baş galmak ähtimallygyny gaýgy edýär

Bäherdenli daýhan daýhanlaryň uly çykdajy eden ekinleriniň çekirtgelere şam bolýan wagtynyň Ahalda geçirilen Medeniýet hepdeligine, prezidentiň kakasynyň uludan tutulan doglan gün toýuna gabat gelendigini aýtdy.

“Hökümet prezident Serdar Berdimuhamedowyň kakasynyň doglan gününi döwlet derejesinde, uly dabara bilen belledi. Döwlet gaznasyna el urlup, millionlarça dollar saga, çepe sowrulýan wagtynda, oba ýerleriniň ýaşaýjylary gününi dolamak üçin çykdajy baryny edip eken ekinlerini ýitirýärler. Hökümet çekirtge belasyna garşy çäre görmän, oňa derek baýramçylyk, toý çärelerini geçirýär, ilat bu gidişde açlyk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan howatyrlanýar.“


Adynyň tutulmazlygyny soran kärendeçiniň pikiriçe, hökümet çekirtgeleriň köpelmeginden we barha kän ýere ýaýramagyndan, ekine ýetýän zyýandan biynjalyk bolýana meňzemeýär.

Şeýle-de, kärendeçi emeldarlaryň käbiriniň ilatyň aç galmak ähtimallygyndan asla alada etmeýändigini, olaryň köpüsiniň nebit-gaza baý ýurduň ilatynyň düşen ýagdaýyna juda biparh garaýandygyny aýtdy.

"...ilat aç bolsa öz gamyny özi iýer, daşary ýurtlara iş gözlegine çykar, mal-mülküni satyp, başgalaryň edişi ýa bolşy ýaly, wiza düzedip, daşary ýurtlarda isläp, hojalygyny eklär. Erkek adam bolmanda öýde otursa, bigaýrat boldugy bolar' diýip, adamlaryň daşary ýurtlarda işçi migrant bolmaklaryna bolaýmaly, adaty bir zat diýip düşünýän döwlet emeldarlarynyň sany az däl.“

Şu aralykda, türkmen prezidentiniň 7-nji iýulda welaýat häkimleri bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakyndaky hasabatlar diňlenip, oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüni tutmak işlerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Synçylar Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalygy barada geçirýän maslahatlarynda, öňki iki prezidentiň geçiren maslahatlaryndan tapawutlylykda, bar bolan meseleleriň içine kän girilmeýändigini, berilýän resmi habarlardan işiň ýagdaýyny göz öňüne getirmegiň tas düýpden mümkin däldigini, metbugatda şol bir umumy jümleleriň tekrarlanýandygyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG