Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ‘Ukraina goşmaça ýarag iberer’ diýip, Tramp Pentagonyň ozalky çözgüdini üýtgedene meňzeýär


“Patriot” raketa gorag ulgamy
“Patriot” raketa gorag ulgamy

7-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň uruşdan ejir çekýän Ukrainanyň Russiýanyň hüjümlerinden goranyp bilmegi üçin, oňa goşmaça ýarag iberjekdigini mälim etdi.

“Biz olara goşmaça ýarag ibereris. Muny etmeli” diýip, Tramp Ak tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi. “Ukrainler özlerini gorap bilmeli. Häzir olara güýçli zarba urulýar”.

Tramp bu beýanaty Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen agşamlyk naharynyň öňüsyrasynda aýtdy. Ol iberiljek ýaraglaryň goranyş maksatly boljakdygyny belledi.

Trampyň çykyşyndan soň, Pentagonyň metbugat wekili Şon Parnell resmi beýanat bilen çykyş edip, bu karary tassyk etdi.

“Prezident Trampyň görkezmesine laýyklykda, Goranmak departamenti Ukrainanyň özüni gorap bilmegi üçin goşmaça goranyş maksatly ýaraglary iberer. Şol bir wagtyň özünde, biz uzak möhletli parahatçylygy gazanmak we adam pidalaryny togtatmak boýunça hem işlemäge dowam edýäris” diýip, ol belledi.

Ne Tramp, ne-de Pentagon bu ýaraglaryň görnüşleri barada jikme-jik maglumat berdi. Emma bu karar, geçen hepde Pentagonyň ABŞ-nyň ýarag ätiýaçlyklarynyň azalandygy sebäpli Ukraina käbir howa hüjümlerine garşy gorag raketalaryny, ýokary takyklykly artilleriýa toplaryny we beýleki ýaraglary ibermegi togtadýandygy baradaky beýanatyny iň azyndan bölekleýin üýtgedýäne meňzeýär.

Ukraina öz şäherlerini Russiýanyň ýygjamlaşan gijeki howa hüjümlerinden goramak üçin Waşingtondan goşmaça “Patriot” raketa gorag ulgamlaryny sorapdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 7-nji iýuldaky gijeki wideo ýüzlenmesinde “Patriot” gorag ulgamlaryna bolan zerurlygy ýene bir gezek dile getirdi.

“Biz Amerikan tarapy bilen Patriot ulgamlary we olara degişli raketalary bermek baradaky degişli kararlaryň üstünde iş alyp barýarys” diýip, Zelenski aýtdy.

4-nji iýulda Tramp bilen telefon arkaly gepleşikden soň, Zelenski Ukraina garşy rus hüjümleri güýçlenýän wagty Kiýewiň “asmany goramak” mümkinçiliklerini artdyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşandyklaryny aýtdy. Şeýle-de ol Tramp bilen bilelikdäki harby önümçilik, satyn alyş we maýa goýumlary barada maslahatlaşandygyny hem belledi.

Tramp şol söhbetdeşlikden soň Ukrainanyň özüni goramak üçin “Patriot” raketalaryna zerurlygynyň bardygyny nygtapdy, emma 7-nji iýuldaky çykyşynda anyk görnüşdäki raketalary agzamady.

Ukraina 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri Russiýanyň giň gerimli çozuşyna garşy göreşýär. Resmileriň maglumatlaryna görä, 7-nji iýulyň gijesine çenli dowam eden rus hüjümlerinde parahat ilatyň arasyndan azyndan 11 adam boldy, 7 çaga bilen birlikde jemi 80-den gowrak adam ýaralandy.

Forum

XS
SM
MD
LG