Tramp Ýaponiýanyň we Gazagystanyň ýolbaşçylaryna gümrük salgytlary barada hat ýollady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp birnäçe ýurduň ýolbaşçylaryna resmi hat ýollap, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap şol ýurtlardan getirilýän harytlara täze import salgytlarynyň giriziljekdigini habar berdi. Bu hatlaryň nusgalaryny Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.

Hatlaryň eýýäm Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Gazagystanyň we Malaýziýanyň ýolbaşçylaryna iberilendigi mälim boldy; bu ýurtlara degişli harytlara 25%-lik salgyt giriziler. Şeýle-de, Laos bilen Mýanmanyň önümlerine 40%, Günorta Afrikanyň önümlerine bolsa 30% salgyt bellenilýär. Ak tamyň maglumatyna görä, şeýle mazmunly hatlary jemi 10-dan gowrak ýurduň ýolbaşçylary alar.

Şol bir wagtda, Ak tamyň metbugat wekili Karolin Liwittiň aýtmagyna görä, Tramp ABŞ bilen söwda ylalaşyklaryna gelinmeginiň soňky möhletini 9-njy iýuldan 1-nji awgusta süýşürjek karara gol çeker. Bu ylalaşyklar ýokary salgytlardan gaça durmaga mümkinçilik berip biler.

Neşir edilen hatlarynda Tramp, ABŞ-nyň degişli ýurt bilen söwdany dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini, ýöne häzirki söwda şertleriniň Birleşen Ştatlaryň bähbidine däldigini belleýär.