Özbegistanda iki erkek adam Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda harby hereketlere gatnaşandygy üçin, hakyna tutma söweşiji bolmakda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada UzNews habar berýär.
Bu adamlaryň doly atlaryny mälim edilmän, diňe inisiallary görkezildi. Olaryň biri 32 ýaşyndaky A.R. bolup, ol Buhara welaýatynyň Romitan etrap kazyýeti tarapyndan günäli tapyldy we bäş ýyl möhlet bilen koloniýa höküm edildi. Derňewe görä, A.R. 2018-nji ýylda zähmet migranty hökmünde Russiýa gidipdir we soňra şol ýerde raýatlyk alypdyr. 2024-nji ýylyň maý aýynda ol jenaýat işi boýunça aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir. Şol ýylyň iýunynda ol Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen harby gulluk geçmek boýunça şertnama baglaşypdyr.
Soňra ol Luhansk sebitine söweşmäge ugradylypdyr we 2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda ýaralanypdyr. Şol ýylyň sentýabrynda harby gulluga ýaramaz diýip ykrar edilip, 3 million rubl pul alyp, Özbegistana dolanyp gelipdir.
Ikinji höküm edilen adam 41 ýaşyndaky Ş.K. Andijan welaýatynyň Altunkul etrap kazyýeti tarapyndan üç ýyl bir aý koloniýa höküm edildi. Derňew maglumatlaryna görä, ol 2023-nji ýylda zähmet gözleginde Inguşetiýanyň Nazran şäherine gidipdir we soňra Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşypdyr.
Ş.K. 2024-nji ýylyň aprelinden dekabr aýyna çenli harby hereketlere gatnaşypdyr we şol döwürde hem ýaralanypdyr. Russiýada komandirowka wagtynda şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň ýoklugy sebäpli tussag edilipdir we soňra Özbegistana deportasiýa edilipdir.
“Ýaşamak isleýärin” (“Xочу жить”) taslamasy Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşan 1 müň 110 özbek raýaty barada maglumat neşir edipdi. Taslama görä, şu wagta çenli frontda azyndan 109 özbek raýaty heläk bolupdyr.
Degişli maglumat “Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anyklady