Lebap welaýatynyň şäherleri we kiçiräk ilatly ýerleriniň ençemesi soňky günlerde elektrik togy bilen kadaly üpjün edilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar ýaşaýyş jaýlarynda we edara binalarynda toguň yzly-yzyna öçüp durýandygyny we günüň uly böleginde bolmaýandygyny aýdýarlar. Elektrik togunyň kesilmegi iýulyň başyndan bäri dowam edýär we ilatly ýerleriň suw üpjünçiligine hem täsir ýetirýär.
Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Hojambaz, Halaç, Köýtendag, Çärjew, Saýat etraplarynda hem-de Türkmenabat we Seýdi şäherlerinde elektrik togy günüň dowamynda azyndan 4–5 gezek öçürilýär. Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň durmuşyna agyr täsir ýetirýär.
“Her gün birnäçe gezek togy kesýärler. Öýümizde diňe bir sowadyjy bar, olam köýdi. Täzesini almaga mümkinçilik ýok” diýip, Seýdi şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Degişli maglumat Balkanda tok, suw kesilmeleri dowam edýär, häkimiýetler düşündiriş bermeýärElektrik togy sebitdäki saglyk edaralarynda hem öçürilýär. Howanyň 45 gradusa çenli gyzýan wagtynda medisina edaralarynyň işinde uly päsgelçilik döreýär we hassalaryň saglygyna howp abanýar.
Keselhana toksuz galýar
Türkmenabatdaky saglyk öýleriniň birinde işleýän maşgala lukmany Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde şeýle gürrüň berdi: “Saglyk öýüniň içinde örän yssy, hassalaryň nobatda köp durmagy ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar. Gipertoniýa we ýürek-damar keselleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan raýatlar üçin bu ýagdaý howply. Kondisionerler hem işlemeýär.”
Hojambaz etrabynyň saglyk işgäriniň maglumatyna görä, soňky günlerde ýürek-damar keselleri, infarkt we insult bolup, hassahanalara getirilýän adamlaryň sany artypdyr.
“Soňky bäş ýylda tomusda güýçli yssy sebäpli ýürek-damar keselleri bolan adamlaryň ýagdaýy agyr bolýar. Bu eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Tok öçürilende gipertonikleriň we ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň hassahana düşjekdigi öňünden belli bolýar” diýip, saglyk işgäri aýtdy.
Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda we Türkmenabatda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi iýul aýynyň başyndan bäri dowam edýär.
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary elektrik energiýasyz oňuşmaly bolýandygyny, hatda toý dabarasynyň garaňkylykda geçirilýän halatlarynyň bolýandygy aýdýarlar: “Düýn tanyşymyň toýy boldy, sagat 14:00-da gelni öýe getirdiler, şondan soň tok öçdi we ertir daňdana çenli bermediler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy 6-njy iýulda gürrüň berdi.
Ýerli häkimiýetler toguň kesilmeginiň sebäplerini düşündirmeýärkä, bu ýagdaý könelişen infrastruktura desgalarynda döreýän näsazlyklaryň fonunda ýüze çykýar.
Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda diňe Türkmenabat şäheriniň özünde ýedi sany transformator ýanypdyr.
“Himikler köşgünde, Bahar mikroraýonynda, üçünji kwartalda, Demirýolçylar mikroraýonynda birnäçe transformatoryň çydaman ot alandygyny gördük. Elektrik edaralaryna jaň edenimizde diňe ‘garaşyň, tiz wagtdan tok bolar’ diýýärler. Olar hem elimizden näme gelsin diýen ýaly jogap berýärler” diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.
Agyz suw üpjünçiligine täsir edýär
Tok ýetmezçiligi oba ýerlerindäki ýaşaýjylaryň agyz suwy bilen üpjünçiligine hem ýaramaz täsir ýetirýär.
“Obamyz merkezi suw ulgamyna çatylmadyk. Agyz suwuny elektrik nasos bilen ýerden çekýäris. Tok bolmasa, suw hem ýok. Dükanlardan satyn almaly bolýar. Häzirki ýagdaýda dükanlar suwuň bahasyny hem ýokarlandyrýarlar” diýip, Çärjew etrabynyň oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Lebaplylar elektrik üpjünçiliginiň durnuksyzlygy diňe bir gündelik durmuşy kynlaşdyrmagy bilen çäklenmän, maşgalalara uly maddy zyýan ýetirýändigini belleýärler. Öýlerde sowadyjy enjamlaryň köýmegi we azygyň zaýalanmagy, dükanlarda harytlaryň bozulmagy ýaly ýagdaýlar her bir adama täsir edýär. Emma lebaplylar häkimiýetler tarapyndan düýpli çözgüt we çäre görülmeýändigine nägile bolýarlar.
Degişli maglumat Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýärAzatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar toguň öçmeginiň diňe şu gün dörän mesele däldigini, soňky ýyllarda güýz we gyş pasyllarynda hem şeýle kemçilikleriň yzygiderli ýüze çykýandygyny belleýärler.
Tomus aýlarynda ilatly ýerleriň elektrik energiýasynyň üpjünçiligi has hem ýaramazlaşýar. Şu tomsuň başyndan bäri, toguň öçmegi bilen bagly ýagdaýlar paýtagtda, Balkan welaýatynda we elektrik energiýasyny öndürýän esasy kärhanalaryň ýerleşýän ýeri Mary welaýatynda ýüze çykypdy.
Elektrik energiýasyny ençeme ýurda eksport edýän Türkmenistanyň hökümeti öz içerki ulanyjylaryny tok bilen üpjünçiliginde ýyllarboýy gaýtalanyp durýan problemalaryň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýär.
Degişli maglumat Maryda jokrama yssyda ilatyň elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.